Isleg
Menem käte bagtly bolmak isleýän,
unutmak isleýän gaýgy-hasratym.
Guwanasym gelýär çagajyklarma,
çaga gürrüňlerne başymy atyp.
Okasalar, öwrenseler, bilseler,
ýa jedel etseler meň bilen gyzyp,
men olaryň yza galmanyn görýän,
hem ynanýan öňe gitjegne ozup.
Menem käte bagtly bolmak isleýän,
gyşarmak isleýän agynap guma,
gök deňiziň kenarynda birsellem,
git diýesim gelýär agyrrak gama.
Menem käte bagtly bolmak isleýän,
tussagda pent etdim özümi iýip;
“Türmeden çykaňsoň geýip ak penjek,
goşgy ýazgyn hemem ýaşagyn” diýip.
Goşgy ýazýan, ýöne göz öňümde dur,
yzymda garaşyp, üzülen enem;
Ak penjek ýerine geýýän çem geldik,
elýeterde duran sokalgam ýenem...
Menem käte bagtly bolmak isleýän,
isleýän ak maşyn münmegi hemem
gaza basyp, uzaklara gitmegi,
gözýetimiň oguz süýdüne çümüp.
Emma başaramok, dolanýan yza,
birden bagyrýaryn sessiz, sedasyz;
Içimde bir zatlar gyrylýar, ýanýar,
ýüregime düşýär ýene bir gasyn...
()