Birden baraýsamam, enem ýok indi
Birden baraýsamam, enem ýok indi,
hol uzakdan aýak sesimden tanap,
ýa ýüregi syzyp, gapyny açjak,
kakmazymdan öň;
Birden baraýsamam, enem ýok indi,
derdimi aňlajak açmakam agzym,
açylan ýaramy ýuwjak, sarajak,
bugdaý sözi bilen melhem etjek soň.
Birden baraýsamam, enem ýok indi,
duly gowurdakly, tamdyr çörekli.
Men näme iýsemem aç borun, bilýän,
ýa-da agzym tagam tapmaz derekli.
Men oňa mynasyp bolup bilmedim,
gaçdym gara başym gutaryp diňe.
Ol garaşdy, men eglendim, barmadym,
kän yza çekildim, ylgaman öňe.
Birden baraýsamam, enem ýok indi,
ellerini öpüp, ötünç sorara.
Ol bilýärdi meniň baş egmejegim,
ýöne beýle uzak açylyp ara,
ýat illerde galar diýmändi ogly;
Birden baraýsamam, enem ýok indi,
emma enem eli süpüren howly,
enem güllän, enem basan keçeler,
enemiň aýagy yz goýan mellek,
enem gözi düşen agaçlar, daşlar,
dogan-gardaşlarym, soň dogan ýaşlar,
hem eli gabarçak eneleň bary,
gözleri çöňňelen çal saç atalar,
görsem, egisjek deý ýürek azarym...
()