Gepden gorkýan adamlar

Horezmde äri tarapyndan ýenjilen göwreli gelin ammarda özüni asdy. Habarlardan

Ol adamlar enemişin,
atamyşyn, doganmyşyn,
musulmanmyş üstesine,
ikiden üç sözi alla,
emma naçar çagasyny,
iller näme diýer diýip,
taşlap gaçýar gabra sallap,
nadan äre çäre tapman;
enemişin ol adamlar,
atamyşyn, doganmyşyn,
musulmanmyş, ynanarmyň,
jennete düşjekmiş, belki,
çagasyn goraman ilki?..

Bölüme soňky goşulanlar


Sahypadan alnan eserler ýa-da pikirler haýsydyr bir görnüşde metbugatda ulanylanda "annagurban.coma" salgylanmak hökmanydyr.

Any views or opinions expressed on this site belong to an individual and do not necessarily coincide with those of the organization he works for.


annagurban.com copyright © 2006-2021