Uly şahyr bolmak üçin

Uly şahyr bolmak üçin
goşgy ýazmak bes däl diňe,
uly duşmanyň bolmaly,
agaç, sim germäýän öňe,
hemem zyňýan daşmy, demir,
uly şahyr bolmak üçin
gerek pajygaly ömür.

Uly şahyr bolmak üçin,
hudaýyň beren zehini,
ýa özüňe dürs bolmak,
dürs bolmak iliňe has
ýeterlik däl hiç,
duşman gerek hökman,
ha ir, hala giç.

Uly şahyr bolmak üçin
uly eser ýazmak ýeterlik däl hiç,
ýa özüňi syňmak siliň öňüne,
ýa oda urmaga ullakan ýürek,
sowaryn diýip ilimden,
tank öňünde durmak ýeterlik däl ýa,
eliňde kürek...

Uly şahyr bolmak üçin
duşmanyň bolmaly uly,
ownuk-uşak bolsa bolmaýar duşman,
birden uly şahyr bolup bilmeseň,
etme kän puşman.

Sebäp ownuk duşman ownadar seni,
ilki goşgularňa ýygyrar seňrik,
soňra emel eder uşakdan-uşak,
şeýdip bir gün görseň, garalar iňrik,
ownuk duşman bolar aýagňa duşak,
uly şahyr bol ýa bolma, parhy ýok,
ownuk bilen ownap, ýykylma aşak!

()

Bölüme soňky goşulanlar


Sahypadan alnan eserler ýa-da pikirler haýsydyr bir görnüşde metbugatda ulanylanda "annagurban.coma" salgylanmak hökmanydyr.

Any views or opinions expressed on this site belong to an individual and do not necessarily coincide with those of the organization he works for.


annagurban.com copyright © 2006-2024