Leňňeç medeniýeti

Kesekiden gaty görme,
dil uzatsa, el salgasa,
yzagalak bolsa iliň,
dogan doganyna duşman,
basyp bilse, basjak bolar
asyp bilse, asjak bolar,
iň bolmanda bular ýürek,
gaýyk bolsaň, bolman kürek,
yza çeker, agram atyp,
turup gelmez, ýatar atyp,
şondan onuň duran ýeri,
näçe işle döküp deri,
çarkandakdyr ýollaryň, waý,
ýyl geldikçe gowulaşmaz,
harap bolar hallaryň, waý!

Bölüme soňky goşulanlar


Sahypadan alnan eserler ýa-da pikirler haýsydyr bir görnüşde metbugatda ulanylanda "annagurban.coma" salgylanmak hökmanydyr.

Any views or opinions expressed on this site belong to an individual and do not necessarily coincide with those of the organization he works for.


annagurban.com copyright © 2006-2024