Bidöwlet döwlet
Döwlet adamlaryň elini daňyp,
aýagyna duşak salyp, mal ýaly,
agylyna gabap gündiz hem gije,
aç saklaýar, goýbermeýär hiç ýere,
ikilikden başga özüne, ile,
okuwly, okuwsyz, razy bolsa,
millet öz-özüne bolmaga hile.
Ogurlygy edip ýalňyz çykalga,
itekleýär döwlet girdaba ili,
dolap aljak barha beter içine,
ýaşar ýaly ýaşan ýaşyn baş aşak,
gara güne kaýyl, zordan geçinip,
ýalana, töhmete taýýar hemişe,
öz-özüne syrtmak bolup, el çarpyp,
käşgä beýle döwlet girmese düýşe.