Ýaradanyň şerti

Ýaradan ýaratdy seni,
ýaratmagyň üçin, belki,
döretmegiň üçin, belki,
aýak berdi, el berdi ol,
ýöremäge, gitmäge kän,
ýapyşmaga, tutmaga kä,
göz berdi ýoluňy göreriň ýaly,
dil berdi, birdenkä sözleseň çykyp,
aýdara, diýere bar bolsa halyň,
gödek, hapa sözler üçin däl emma,
ulansa-da bideregi adamyň,
dil berilmez gybat, galmagal üçin,
eger muňa düşünmeseň wagtynda,
ýaratmaga eliň ýetmez,
döretmäge eliň ýetmez,
otursaň-da şa tagtynda.

Bölüme soňky goşulanlar


Sahypadan alnan eserler ýa-da pikirler haýsydyr bir görnüşde metbugatda ulanylanda "annagurban.coma" salgylanmak hökmanydyr.

Any views or opinions expressed on this site belong to an individual and do not necessarily coincide with those of the organization he works for.


annagurban.com copyright © 2006-2024