Olar Köpetdagyň aňyrsyndandy
Ýol hadysasynda wepat bolan eýranly kärdeşlerim Rosa Ajiri bilen Amir Zamanifaryň ruhuna bagyşlaýaryn.
Olar Köpetdagyň aňyrsyndandy,
biz bärsinden, tanamazdyk, bilmezdik.
Bizi ýollar getirmedi Rime,
Praga getirdi, hoş bolup gezdik,
ýazdyk hakykaty boldukça mümkin.
Olar Köpetdagyň aňyrsyndandy,
biz bärsinden gaçdyk “gün-güzeran kyn,
eklenç agyr” diýmän, söz üçin azat;
olar birden bakyýete şaýlandy,
galanlara galdy dert bilen azap...
Adam iki hili gelýär jahana,
biri öli, diri gelen göreşýär.
Emma adam bir gün säginip ýolda
yzdan gelýän ajalyna garaşýar.
Şeýle boldy, olar ölüm nokadyn,
özleri saýlan dek, çekilip gyra,
Berlinden dolanyp, Praga ýetmän,
birden bizden açyp gitdiler ara...
Bir gezek bir çopan diýipdi şeýle:
“Adam deň” diýýärler, däl hiç bu beýle.
Biri uçar ýasap, uçýar asmana,
biri gorkýar oňa aýak basmana!”
Olar uçardan-da ýyndam sözleri,
hakykaty diňe diňlemäge däl,
ýazmak, aýtmak üçin çykypdy ýola,
arman ömür gysga, keç boldy ykbal!..
Olar Köpetdagyň aňyrsyndandy,
biz bärsinden, tanamazdyk, bilmezdik.
Bizi ýollar getirmedi Rime,
Praga getirdi, hoş bolup gezdik,
ýazdyk hakykaty boldukça mümkin.
Olar Köpetdagyň aňyrsyndandy,
biz bärsinden gaçdyk “gün-güzeran kyn,
eklenç agyr” diýmän, söz üçin azat;
olar birden bakyýete şaýlandy,
galanlara galdy dert bilen azap...
()