Özüne gelen adam

Nirelerden geldiň, adam,
geçdiň haýsy otdan, suwdan,
nirelerde bolduň, adam,
haýsy batga batdyň ýolda,
haýsy kölde galdyň, adam,
nirelerde agladyň sen,
nirelerde güldüň ýadap,
nirelerde, kim sögende,
kim uranda öldüň, adam,
töhmetçiniň daşy bilen,
nirelerde jaýladylar,
nirelerde bolduň mazar,
nirelerde dirildiň sen,
nirelerde dikeldiň soň,
aýagyňa galdyň, adam,
hem özüňi tanamadyň,
hem kimdigiň bildiň, adam?!.

Bölüme soňky goşulanlar


Sahypadan alnan eserler ýa-da pikirler haýsydyr bir görnüşde metbugatda ulanylanda "annagurban.coma" salgylanmak hökmanydyr.

Any views or opinions expressed on this site belong to an individual and do not necessarily coincide with those of the organization he works for.


annagurban.com copyright © 2006-2024