Aldanasyň gelse

Until the lion learns how to write, every story will glorify the hunter. African proverb

Aldanasy gelýän bolsa adamyň,
öwrenmese okamagy, ýazmagy,
ýa-da düşünmegi okan zadyna,
kim ýazypdyr, näme üçin, sözleriň
arkasynda näme ýatyr, bilmese,
ýa guwanjy bolsa nirde pulmesi,
aldan bolar ony hökman,
hala içden, hala daşdan,
hala ýakyn, ýat, keseki,
pal atanlar ýa otaran erteki
köp bolar, az bolmaz, adamyň sesi
sözünden öň aýdar kimdigin, walla,
ýuwaş gürlär mamla adam, çekiler,
bimamlalar beter gygyrar, alla,
hudaý diýip, iki sözüň birinde,
gora, taňrym, adalatçyň şerinden?!

Aldanasyň gelse aňsat,
gysga ýola gözüň dikip,
hantamalyk gursun, bilýäň,
biri aglap aldar seni,
biri gülüp aldar seni,
biri aldar mally, pully,
biri aldar süýji dilli,
beýlekisi goçak gülli,
wada berer jennetini
jähennemiň ortasynda,
ýanýan wagty özi dowzah
ýa-da ýalan alawynda,
mugt gaz berse, ýakyn onsoň,
mugt tok berse, çokun onsoň,
mugt suwuny iç hem ýuwun,
a aldaýan, wagty gelse,
gider saňa taşlap gowun.

Bölüme soňky goşulanlar


Sahypadan alnan eserler ýa-da pikirler haýsydyr bir görnüşde metbugatda ulanylanda "annagurban.coma" salgylanmak hökmanydyr.

Any views or opinions expressed on this site belong to an individual and do not necessarily coincide with those of the organization he works for.


annagurban.com copyright © 2006-2024