Döwlet jähennemi
Ozallar hezildi, alla ynansaň,
ýagny bilseň biljegini ýalanyň,
ýa nireden näçe çilip, alanyň,
ogurlygyň, azgynlygyň gijeler,
ýa-da gündiz, alla diýip diliňde,
ýüregiňden berlip keýpe, meslige,
depeläp ýaşasaň özüňi, ili,
ýanjagyňy bir gün dowzah odunda,
düzüw bolup, geçmelidi jylawlap,
gara nebsiň, adam bolsaň bolmaly,
ýa-da ynanmasaň hezildi haka,
dilde hudaý, taňry, ýaradan diýip,
gülüp bilýär diýýänelere ýalanyň,
ýa yzyna aljagyna alanyň,
ýetimiň, naçaryň elinden gaňryp,
ýaşamaly, geçmelidi ýalança
ýalançynyň wepasyny görkezip,
indi başga, eger alla görmese,
ogurlygyň üçin hudaý urmasa,
kamera bar, görýär döwlet alanyň,
paýlaşmasaň, peýdasy ýok ýalanyň,
ogurlygy döwlet bilen etmeli,
hem azmaly döwlet bilen bileje,
git diýende, jähenneme gitmeli.