Akyl problemasy
Adam aýdýan sözi näme, bilmese,
düşünmese näme üçin başgalar,
durmuşlary başga, ýagdaýy başga,
ýa trollar, goldaw berýän, gop berýän,
etmeýärler diýlenini ýerlerde,
neden millet galkynmaýar, turmaýar
haky üçin, ata-baba arzuwy,
berilmejek özüň baryp almasaň,
ýöne adam bolsaň, hak-hukuk gowy,
çagajygyň üçin, iň bolman, ertir
özi öz-özüniň iň erbet ýowy,
duşmany ediljek galsa sowatsyz,
näme üçin lapykeçlik, alla, hak
adamlary goýýar asyrlap atsyz,
ýa eşekli atly nanyň yzynda,
näme üçin durmuş durmuş däl, zyndan?
Diýýän zady näme, bilmese adam,
düşünmese görnüş näme, kölege
näçe uzak saklap biler adamy,
Platonyň gowagynda ulalan,
göz öňünde görýänine gul bolan,
bu ýerde mesele başgarak, belki,
gowakdan çykanyň gepi, gürrüňi
başgarak bolmaly azajyk ilki.
Gowakda galanlar gowakda bolsa,
ýa çykanlar çykyp, gowakda galsa,
kimiň kime dady ýeter, akylsyz
akyl berse, hiç kim gelip almasa?