Gowulygyň jezasy

Gowulygyň bagyşlamaz bahyllar,
atly bolsun ýa maşynly goşalap,
ruhy gedaýdan gaçarsyň diňe,
ýa galarsyň aýagynyň astynda,
gowulygyň bagyşmaz bahyllar,
pikir etme diňe seniň kastyňda,
öz-özüne kast edýänden gorkular,
çilim satsaň bagyşlarlar, alarlar,
arzan, gymmat, temmäkisi garylan,
alar olar nas satsaň-da dynuwsyz,
arak, şerap, ýene näme gereksiz,
gep-gürrüňi, iň manysyz, dereksiz,
tirýek satsaň, ýa-da satsaň heroin,
satsaň suwjuk aýdymlary ýa sazy,
ýalan-ýaşryk kino, oýun, kyssany
sat olara daşyn dolap, dolaman,
alyjysy bolar hökman, gussany,
hakykaty islemezler her näçe
depä çykyp gygyrsaň-da, eý, aman,
ýalan şatlyk gerek çüprän adama,
ýa ýasama owadanlyk, gözellik,
nirde arzan, dereksiz zat bermeli,
gurjak ýaly, gözi-gaşy sürmeli,
ýa-da bu gün bir zat, ertesi başga,
ony oňa küşgür, gep gezdir daşda,
gowulygy bagyşlamaz bahyllar,
arman düşünmesi kyn bolýar başda.

Erbet bolsaň, el-aýagyň öperler,
satarlar getirip dogan-gardaşy,
iýmek üçin iki günlük mugt aşy,
hatda aýalyny hödürlän bolar,
megerem hemişe bolupdyr olar.

Bölüme soňky goşulanlar


Sahypadan alnan eserler ýa-da pikirler haýsydyr bir görnüşde metbugatda ulanylanda "annagurban.coma" salgylanmak hökmanydyr.

Any views or opinions expressed on this site belong to an individual and do not necessarily coincide with those of the organization he works for.


annagurban.com copyright © 2006-2021