Gözdaňdy oýny

Ýa basylmaly, ýa asylmaly. Täze nakyl

Sen bilýärsiň, öldürdiler adamy,
emma anyk tutaryk ýok eliňde,
sebäbi ýurt ýapyk, ýapyk gapylar,
arkasynda kän maslahat edilen,
ediljek ýene-de, gazylýan çukur
düşürmeli kän adamy içine,
a adamlar oýnaýarlar gözdaňdy,
basylar ýa asylmaly utulan,
başga oýun, başga pişe gadagan,
her kim pikir edýär utaryn, belki,
utawer, görmesem – göz çyksyn, dogan!

Bölüme soňky goşulanlar


Sahypadan alnan eserler ýa-da pikirler haýsydyr bir görnüşde metbugatda ulanylanda "annagurban.coma" salgylanmak hökmanydyr.

Any views or opinions expressed on this site belong to an individual and do not necessarily coincide with those of the organization he works for.


annagurban.com copyright © 2006-2021