Erteki we hakykat

KGB ne, türme näme,
syýasy iş üstesine,
ulus iliň garalawçy,
aklawçy ýok ýeke, ýarty,
ýa-da bolsa, gorkýar gaty,
döwlet näme, eli ganly,
demligiňden tutýan, bogýan,
biljek bolsaň ikije gün
oturyp gör öz öýüňde,
dar otagda, dünýä sygman,
gapysyny, penjiresin
açyp görmän ýeke gezek,
hajathana arzuw bolsun,
arzuw bolsun suw hem sabyn,
soňundan et gürrüňiňi,
alla, hudaý, ertekili,
ýa-da ýöne hümi-sümi...

Bölüme soňky goşulanlar


Sahypadan alnan eserler ýa-da pikirler haýsydyr bir görnüşde metbugatda ulanylanda "annagurban.coma" salgylanmak hökmanydyr.

Any views or opinions expressed on this site belong to an individual and do not necessarily coincide with those of the organization he works for.


annagurban.com copyright © 2006-2024