Günäsiz halk

Olar pikir etdi başga birine,
başga bir millete gerekdir turmak,
durmak ogry-jümriň öňünde mäkäm,
mertebäňi goramagy öwrenmek,
öwrenmek maşgalaň başy bolmagy,
gygyryp däl aýalyňa, çagaňa,
gala bolup içerde hem daşarda,
olar arzuw etdi göreşsin başga,
ýok, olar däl, ýaşap ýören watanda,
hemem diýýär açyk köpüsi şindem:
hiç günä ýok gorkup, busup ýatanda.

Ýok, olary günälemek bolmaýar,
ýazgarmak bolmaýar durmady diýip,
nätsinler, pahyrlar, basyp alanlar
ýaşar ýaly etdi bir-birin iýip...

Bölüme soňky goşulanlar


Sahypadan alnan eserler ýa-da pikirler haýsydyr bir görnüşde metbugatda ulanylanda "annagurban.coma" salgylanmak hökmanydyr.

Any views or opinions expressed on this site belong to an individual and do not necessarily coincide with those of the organization he works for.


annagurban.com copyright © 2006-2024