Il meselesi
Sadalykmy, gowulykmy mesele,
ynanjaňlyk, ili ýykan,
ýa erbetlik özüň üçin öňürti,
ýaryş ýaly garap durmuşa, ömre,
ýeke özüň ak guş, başgalar kömre,
ýa ondanam beter gara garyndaş,
biri-birin basýan aşakdan-aşak,
aş bilen uranyň paýy gara daş,
goý, arkadaş, lenji çykan gürrüňi,
sadalyk däl, gowulyk däl mesele,
dönüklik ol öz-özüňe ozaly,
soňra milletiňe, hudaýa, bolsa,
gara nebse, bahyllyga berilip,
dilde bir zat, ýüregiňde başgasy,
gülen bolup çydap bilmän çykana,
galdyrana gara başyn, goldamak,
ýykylana el bermegi goýaly,
bir gulaç diliňi uzatmak, alla,
töhmet atmak ýada, oýa düşmejek,
däbimi ýa imanymy milletiň,
sen ony gahryman etmersiň öwüp,
goltugyna garpyz berip her agşam,
sadalykmyş, gowulykmyş mesele,
elli, altmyş ýaşap, gep tapdyň ýagşam...