Türmede berlen akyl

Seni urup öldürerler,
seni urman öldürerler,
ýa ederler ölmez-gülmez,
ýaşamarsyň adam ýaly,
süren ýaly süri maly,
sürer taýak alan ele,
sen alladan kömek dile,
sen hudaýdan kömek dile,
sebäbi hiç arkaň ýokdur,
iliň ýokdur duruşmaga,
ýaragyň ýok uruşmaga,
diýmek, alla ýa ýaradan
ýetişmeli, gelmeli tiz,
azgyn hakyn almaly tiz,
emma bu bir arzuw, hyýal,
sessiz bolsa, ýaz ýa-da güýz,
basgylanar erkek, aýal,
a çagalar ýer hem ýesir,
mekdep bolar iň hapa ýer,
beýni ýuwup, hem hapalap,
emel ýeten ogry, jümri,
iýjek, gemirjek çapalap,
işdä açyk, alla berse,
öser barar iş oňarsa...
Seni urup öldürerler,
seni urman öldürerler,
çagyr irmän alla, haky,
gelen bolmaz millet dursa.

Bölüme soňky goşulanlar


Sahypadan alnan eserler ýa-da pikirler haýsydyr bir görnüşde metbugatda ulanylanda "annagurban.coma" salgylanmak hökmanydyr.

Any views or opinions expressed on this site belong to an individual and do not necessarily coincide with those of the organization he works for.


annagurban.com copyright © 2006-2024