Allaly millet

Işsiz namaz okar, aç agyz beklär. Türkmen nakyly

Olar alla şükür diýýärler mydam,
birisi baý bolup, ynanýar haka,
sebäbi ol berýär onuň baýlygyn,
beýlekisi garyp bolup ynanýar,
günde sanap hiç ýetmeýän aýlygyn,
ýöne umyt edýär, ýetirer alla,
gorar şerden, myjabatdan, töhmetden,
azanlardan mally, pully, emelli,
köçe garakçysy, talaňçy bolan,
emma hudaý goramaýar elmydam,
haklaryny iýýär özleri ýaly,
alla şükür diýýän, alla ynanýan,
netijede ejiz, egsik köpelýär,
çagalary bilen taşlanan ýeke,
asman uzak ýokarsynda, ýer - gaty,
ne-hä uçup bolýar, ne ýere girip,
ýogsa dynjak kemsitmeden, ejirden,
bir, iki däl, müňläp adam kösenýär,
ne işi bar, ne sowady milletiň,
okamandyr, öwrenmändir wagtynda,
bilenok ol erteki ne, durmuş ne,
alla diýip, aldapdyrlar owadan,
iň erbedi çagalar aç, ýalaňaç,
nire bolsa, baş urmaly, gitmeli,
ýat illerde aýlap, ýyllap ýitmeli,
ibermeli çörek pulun her edip,
gulmy-gyrnak, tapan işin etmeli,
emma diýýär alla şükür, ýetişer,
döwüm çörek tapsa begenýär adam,
emma alla diýýän ýene birisi,
wezipeli, güni gowy oňkudan,
bu gününi kän ýa artyk hasaplap,
ýa-da jübüsine giresi gelip,
ýagdaýyny kynlaşdyrýar has beter,
gelsin, para bersin, düzetsin işin,
diýýär alla tüýs ýürekden ynanýan,
sebäbi umydy edende heder,
a beýleki, ne puly bar, ne dili,
hudaý diýip, dik oturýar gijeler,
hem soraýar neden entetdiň ili?

Bölüme soňky goşulanlar


Sahypadan alnan eserler ýa-da pikirler haýsydyr bir görnüşde metbugatda ulanylanda "annagurban.coma" salgylanmak hökmanydyr.

Any views or opinions expressed on this site belong to an individual and do not necessarily coincide with those of the organization he works for.


annagurban.com copyright © 2006-2024