Surat

Ýersiz garaşsyzlyk

Ýeri bar milletiň ýeterlik, artyk,
ata-baba gylyç bilen goralan,
ahyrynda elden giden, elbetde,
gyrylanda deň bolmadyk söweşde,
topa garşy çykyp gyrkylyk bilen,
azatmyşyn, erkinmişin otuz ýyl,
emma elde ne ýeri bar, ne suwy,
hemem uzak 150 ýyl ööki dek,
ylymdan, bilimden, ýa dünýä nirden
nirä barýar, pikiri-de ýok bilmek,
alla gelip, gorar diýýär bir ýerden.

Bölüme soňky goşulanlar


Sahypadan alnan eserler ýa-da pikirler haýsydyr bir görnüşde metbugatda ulanylanda "annagurban.coma" salgylanmak hökmanydyr.

Any views or opinions expressed on this site belong to an individual and do not necessarily coincide with those of the organization he works for.


annagurban.com copyright © 2006-2024