Yza gaýdanlar
Basyp alan birleşdirse öldürip,
bir bolmaly diýse, bir bolan millet,
urşa giden urşa gitmeli diýse,
ýa ýaragsyz turuň diýse gyş, garda,
uruň diýse dişine çen ýaragly,
okuny sanaman atýan duşmany,
arzuwda bolmajak nyşana bolup,
turan, çozan, san-sajaksyz gyrylan,
diri galsa ekin eken, mal bakan,
gazy gazan, kanal gazan, durmadyk,
birleşeli diýse eziz dogany,
garşysyna gara ganym bolanyň,
il-gün bolup saýlanan däl, bellenen,
agaly, arkaly daşardan diňe,
gygyrsaň, bagyrsaň gülki bolarsyň,
gelen bolmaz näçe çagyrsaň öňe!
Sebäbi ynanmaz biri-birine,
taýaga ynanan, güýje ynanan,
gözi gorkan, ýüzi gorkan, sözüni
diňe özün gizlemekde ulanan,
kellesini ulanmagyň ýerine
ýüregini ulanmagyň ýerine,
ulanar kän şübhesini, kinesin,
gep ýa gybat tapar bolmajak ýerden,
buýruk bilen ýaşan ýüz ýyllap, şerde,
birleşer bar bahanada, peslikde,
birleşmegi müşgül beýik işlerde,
çykyp bilmez çukuryndan itilen,
etse, güni üçin ogurlyk eder,
ýalan sözläp ýaşajak bor iki gün,
öňe gitmez, yza gider.