Şahyr ölse...

Şahyr öldi, ölmezden öň hiç kimse
onuň setirlerne bakmandy siňe.
Goşgy ýazýan gytmy, biridi bolsa,
öldi-de hemmeden saýlandy öňe.

Dostlar, dosty däller gürledi joşup,
görsek, görenini görýän bar eken.
Ölmezden öň hemme gyradeň, meňzeş,
soň bilinýär alma eken, nar eken!..

Emma siňe baksaň, bilinmez soňam,
mazar bilen bile çöküşer şowhun.
Başga döwür, başga durmuş dogular,
başga ugur-ýola atylar owsun.

Soň diýerler “öz döwrüniň ogludy”,
ýogsa öz döwründe sygmandy ýurda.
Ýöne şahyr ölse, köşeşer biraz
onuň beýikligin ýigrenen orda...

()

Bölüme soňky goşulanlar


Sahypadan alnan eserler ýa-da pikirler haýsydyr bir görnüşde metbugatda ulanylanda "annagurban.coma" salgylanmak hökmanydyr.

Any views or opinions expressed on this site belong to an individual and do not necessarily coincide with those of the organization he works for.


annagurban.com copyright © 2006-2024