Sebäp
Sebäpsiz çöp başy gymyldamazmyş,
diýmek, sebäbi bar her ösen ýeliň.
Ýykylsaň, birlerne etme-de gargyş,
büdürän daşyňa ýetir sen eliň.
Aýaňa al ony uly bolmasa,
uly bolsa, çök üstünde birsellem;
Şükür et depäňden gaçmandyr ýa-da,
döwülen ýeriň ýok aýakda-elde....
El döwülse, egri bitmek üçinmiş,
çölde galsaň, çuňňul guýy gazarsyň.
Ele ýarag alsaň, atarsyň bir gün,
galam alsaň, öz sözüňi ýazarsyň.
Diýmek, ýöne ýere dogulmaz adam,
ýa her dogan geçip gitmez boşuna.
Sebäp bilen gelen bolsaň jahana,
sebäp bilen ölmek gelsin hoşuňa...
()