Milan oýlanmasy

Ilki syýahata gidesiň geler,
soň gaýdasyň geler basym öýüňe.
Myhmançylyk gowy, emma öý başga,
ýat ýerlerde her zat geler küýüňe.

Dogry, jaýlar başga, köçeler başga,
maşynlydan, belki, motor sürýän kän.
Ýöne siňe baksaň, geň zat ýok beýle,
hemme ýerde şo bir haryt, şo dükan.

Adamlaram, belki, galyplaşypdyr,
hemmesi kän ozal gören dek şaty.
Ýöne bir geň gylyk -- munda garrylar
ýaşlara garanda bezemen gaty.

Belki, bu dogrudyr, ýaşkaň şeýle-de,
büdretmegiň ahmal birlerni bilmän.
Garrylyk utançsyz, müýnsüz bolanda,
adam pikirini etmezmiş ölmäň...

()

Bölüme soňky goşulanlar


Sahypadan alnan eserler ýa-da pikirler haýsydyr bir görnüşde metbugatda ulanylanda "annagurban.coma" salgylanmak hökmanydyr.

Any views or opinions expressed on this site belong to an individual and do not necessarily coincide with those of the organization he works for.


annagurban.com copyright © 2006-2024