Il we sen

Çagyrma sen mantyksyzy,
alasamsyk sorag berse,
kellesini ulanmaga,
ulanmaga beýnisini,
hiç mantyksyz bolsa adam,
görmese hiç görnetini,
ýa bilmedik bolsa bilip,
çyndan ýa-da ýaňsa alyp,
sorag berse diriler däl,
jaýlanmadyk ölen öli,
gorkusyndan ýa-da mugthor,
köpri gursaň, geçjek diňe,
guýy gazsaň, içjek diňe,
mönsürese, mysapyr, wah,
logikasy pes-aý diýip,
çagyrma sen mantyksyzy
ulanmaga öz gözüni,
gaýtalaman il sözüni,
ýat ilde il donun geýip,
tutan guşuň ütendir ol
hem gelendir eýýäm iýip.

Bölüme soňky goşulanlar


Sahypadan alnan eserler ýa-da pikirler haýsydyr bir görnüşde metbugatda ulanylanda "annagurban.coma" salgylanmak hökmanydyr.

Any views or opinions expressed on this site belong to an individual and do not necessarily coincide with those of the organization he works for.


annagurban.com copyright © 2006-2024