Adamyň bagty

Eger-de sen işe gidip,
edip elden geleniňi,
işiň bilen azda-kände
bagtly bolup bilmeseň,
başga biri görüp, öwüp,
hormat haty, medal alyp,
bagtly bolup bilmersiň,
ýa bolmarsyň betbagt asla
döwenleri bilen üýşüp,
sebäbi bagt içden geler,
alyp bomaz ony ylgap,
ýa birleşip, aýak köwşüp.

Bölüme soňky goşulanlar


Sahypadan alnan eserler ýa-da pikirler haýsydyr bir görnüşde metbugatda ulanylanda "annagurban.coma" salgylanmak hökmanydyr.

Any views or opinions expressed on this site belong to an individual and do not necessarily coincide with those of the organization he works for.


annagurban.com copyright © 2006-2024