Surat

Gezekli çemçe

Durmuş şahsy mesele däl,
eliň kümüş çemçelije
dogul ýa-da dogul gallaç,
oka ýa-da okama hiç,
bil ýa bilme bilmeýäniň,
düşünjek bol ir ýa-da giç,
ýa düşünme meselesi
näme hemem nirde iliň,
çörek atly, toýnuk sesi
gulagyny gapan mydam,
kime bagly çözülmegi,
ýa çigşigi has-da beter,
bu gün ýeke meňki, belki,
ertir gezek saňa ýeter.

Bölüme soňky goşulanlar


Sahypadan alnan eserler ýa-da pikirler haýsydyr bir görnüşde metbugatda ulanylanda "annagurban.coma" salgylanmak hökmanydyr.

Any views or opinions expressed on this site belong to an individual and do not necessarily coincide with those of the organization he works for.


annagurban.com copyright © 2006-2021