Gulçulygyň sebäbi
Seň ejeňi öldürýärkä hökümet,
günde agşam azajykdan zäherläp,
ýatmaz ýaly edip, gününi bulap,
seň kakaňy öldürýärkä KGB,
her agşam daşyny küştçüden dolap,
biznes edýän takal okar diýseler,
ýa diýseler günäkärlär, watançy,
göreşiji bolan bolup, nadara,
ynanmazdyň, gördüň, düşündiň indi
nämüçin bu millet gul boldy, çökdi,
nämüçin oň güni boldy ikindi.