Iller saňa bergili däl

Sen il diýip çyksaň ýola,
iller saňa bergili däl,
algylydyr, belki, baky,
sebäbi berensiň umyt,
ýöne olar bergildir
seni dogran enä hökman,
seni goran ata hökman,
nadanlyga bermän eltip,
bekedeni üçin günde,
okadany üçin günde,
ýöne birden il içinden
çykyp azan ata näme,
ene näme, bilmejek hiç,
dil ýetirse ene-ata,
ilden görseň bolar hata.

Bölüme soňky goşulanlar


Sahypadan alnan eserler ýa-da pikirler haýsydyr bir görnüşde metbugatda ulanylanda "annagurban.coma" salgylanmak hökmanydyr.

Any views or opinions expressed on this site belong to an individual and do not necessarily coincide with those of the organization he works for.


annagurban.com copyright © 2006-2021