Gurjakbaşy
Ozalky kommunist, dilde watançy,
öwrenipdir aýdylmaly sözleri,
hemem edýän işi tersine mydam,
iller aglak bolup, çykypdyr depä,
gözi garyp melleginde, malynda,
talaýar milletin, diňe şu gün däl,
gelejegin ogurlaýar, nämemiş
zerli oturgyçda oturjak, turjak,
zerli düşekçede ýatjak agynap,
daşy doly özi ýaly gurjakdan,
näme diýse edýän, gidýän, getirýän,
pikir edýär gözi doýar ahyry,
köşgi-eýwan bilen ýykyljak, durjak,
emma ogry ogry bolar hemişe,
hem el bolar saman edip ömrüni,
ýel ösende bütin dünýä sowurjak.