Surat

Döwlet syry

Hökümet tut diýse, tutsa ýaragly,
hökümet at diýse, atsa ýaragly,
öz halkyny, iýdiren hem geýdiren,
aragyna, böregine pul beren,
täze, atgyr ýaragyna pul beren,
öz halkynyň oglun öldürse goşun,
öz halkynyň gyzyn öldürse goşun,
dogry sozi üçin, ýalan üçin däl,
janyn berjek bolsa, talaň üçin däl,
has ýamany – öldürmese, goraman
ölenden-de beter etse milleti,
hökümet talanda seretse, dymsa,
gapdalynda durup, görmedik bolup,
ýa-da şarlatanlar urşup, garpyşyp,
aýak asta taşlanynda bar zady,
ýurdy tutup ezileniň perýady,
ejiziň ýanynda durmagyň ýerne
haýyr ýolun goramagyň deregne,
iki şerden birin saýlasa herne,
o nähili halkyň goşuny bolar,
o nähili ýurduň goşuny bolar,
kesekiden beter keseki, belki,
talaňçydan beter talaňçy olar.

Emma adam, gowulykdan ýalňyşyp,
o goşun öldürse biri-birini,
el-aýagyn döwse, göwnüne degse,
biri-birin äsgermese aýagy
ýer tutandyr diýip ynanan güni,
ýa-da gowşak, ejiz görüp ýoldaşyn,
ýeňsesinden itip, ýyksa çukura,
basgylajak bolsa geldikçe elden,
öz goşunym diýip gynanar oňa,
ýöne goşun gynanmasa halkyna,
garaşma ýaragly adamdan oňa,
dogry işe, düzüw işe hiç haçan,
arman muny aýdyp ýörmek bolmaýar,
aýtsaň, döwlet syryn bolarsyň açan.

Bölüme soňky goşulanlar


Sahypadan alnan eserler ýa-da pikirler haýsydyr bir görnüşde metbugatda ulanylanda "annagurban.coma" salgylanmak hökmanydyr.

Any views or opinions expressed on this site belong to an individual and do not necessarily coincide with those of the organization he works for.


annagurban.com copyright © 2006-2024