Surat

Garyplyk keseli

Döwlet gelse, özün bilmez, Dogaly doýman ýigide. Magtymguly

Il agasy betbagt bolsa ezelden,
süri-süri goýny, geçisi bolsun,
bolsun müňläp düýe, sygry, towugy,
aty bolsun, iti bolsun sanyny
sananlaryň gözi çyksyn hanadan,
wah, arçyny pakyr bolsa obanyň,
garyp bolar oba, her näme etseň,
altyndan bolsa-da gapysy begiň,
altyn ýürek berilmese ozaldan,
ýa-da göreldesi tersine bolsa,
ogurlar ol gije-gündiz il malyn,
hemem näçe aty bolsun, baýamaz,
iti bolsa, gorkak bolar has beter,
görkezer ol garyplygyn her agşam,
oba TW-sine bezenip çykyp,
her gün ertir gorkaklygyn görkezer,
gorasyn daşyny bütin obasy,
öz-özüni aldar, bolmaz tobasy,
hemem beter sütem eder halkyna,
soňky çöregini alyp elinden,
wah, dogduka bu nähili gelinden,
diýip gama batar milleti onuň,
sowgat berip soňky donun, balagyn,
gara başyn satyn alar tutulan,
il agasy garyp bolsa, aç bolsa,
iki-ýeke, juda az bor gutulan.

Bölüme soňky goşulanlar


Sahypadan alnan eserler ýa-da pikirler haýsydyr bir görnüşde metbugatda ulanylanda "annagurban.coma" salgylanmak hökmanydyr.

Any views or opinions expressed on this site belong to an individual and do not necessarily coincide with those of the organization he works for.


annagurban.com copyright © 2006-2024