Täze ýyl ýörelgesi
Sen adamy agyrtmagyň ýoluny,
sen adamy ynjytmagyň ýoluny,
agyrtdy ýa diýdi diýip pylan zat,
gözlemek däl, pikir etme bir gezek
ar almagyň, haklaşmagyň ýoluny,
goý adama, goý, kim bolsun, alyny,
hilesini özüne goý beýigiň,
düşme aşak, öz deňiňden, pes bolsa,
pylan diýdi, pylan etdi diýme hiç,
haýry bolsa, haýryn görsün kast eden,
iň esasy, seniň özüň kast etme,
täze ýyl şu bolsun ýeke ýörelgäň,
gahar etme, kine ýolunda ýitme.