Peýdasyz gürrüň
Ölüm jezasyny döwlet, hökümet
biraz, iki günlük doňduryp biler,
ýatyryp-da biler gazaba münse,
emma adam, ýeke biri, hiç haçan
ölüm jezasyndan gaçmaz, gutulmaz,
doguldyňmy, ölmeli sen bigüman,
ölüm seniň ýaşan günüň jogaby,
gutulan ýok ondan daş ýere gaçyp,
iň erbedi özi özüne zyndan,
türme gurar adam ölmezden ozal,
hem içine sümüp, saklanjak bolar,
biriniň türmesi mal-dünýe ýygmak,
ýene biri busup, bukulyp ýaşar,
beýlekisi at gazanjak, at näme,
aňyrsyna ýetmän ýa bilmän häli
özünden öň geçenleri tanaman,
dowam edip köne, tozanly ýoly,
birisi gygyrsa basyp gorkusyn,
biri oýnar gözsüz batyryň oýnun,
pikir eder käsi sessiz, sedasyz,
öz-özüne sümen gowy ýaly-la,
ýa-da kiçi dilden diýýänler alla,
il ýüzüne dinli, imanly, goýnuň
roluny oýnaýanlar agzybir,
bolman tünegine ýygnanýar agşam,
emma tapawudy uly däl beýle,
biri dymyp, bulaşdyrsa dünýäni,
beýlekisi gürlär, gep tapdyň ýagşam,
men-men diýer adam meni bolmasa,
kime näme düşündirjek, gepleme,
peýdasy ýok adam çeni bolmasa.