Surat

Magşar güni

Kör hasasyn bir aldyrar diýýärler,
bolup biler, ýöne gözli hasasyn
bir gezek däl, ýetim oglan-la diýip,
a soňundan diýip ene-ataly,
bolmanynda iki gezek aldyrar,
üç aldyrar, dört aldyrar, belki-de,
gulaklaryn, agzyn ulansa diňe,
her edilen gep-gybata aňalyp,
gaýtalap gezmäge ertir hem agşam,
beýnisini ulanmagyň ýerine,
eger millet ulalmasa oňalyp,
soň bir gün däl, her gün magşar.

Bölüme soňky goşulanlar


Sahypadan alnan eserler ýa-da pikirler haýsydyr bir görnüşde metbugatda ulanylanda "annagurban.coma" salgylanmak hökmanydyr.

Any views or opinions expressed on this site belong to an individual and do not necessarily coincide with those of the organization he works for.


annagurban.com copyright © 2006-2024