Pikir edip gördüňmi?
Döwlet nädip döwýär seni mekdepde,
nädip goýýar seni özüňe garşy,
ýa-da nädip zäherleýär, öldürýär,
käte barmagyny degirmän, belki,
kim-kimleri, nämeleri ulanyp,
pikir edip gördüňmi?
Nädip millet aç oturýar ýüz ýyllap,
nädip ýesir bolýar duşman elinde,
öz içinden dörän, daşardan gelen,
nädip olar öz çagasyn dymdyrýar,
sen goşulma, sen gepleme, sus diýip,
hemem ölýär puşman iýip,
pikir edip gördümi?
Döwlet nädip döwýär seni uşadyp,
ownadyp gün-günden, gaty çörege,
gara suwa çenli düşürip aşak,
senden ozal näçe adam ýaşady,
ýene näçe ýaşar ýaşaman ýaşap,
pikir edip gördüňmi?..