Zorluk meselesi

Aýdyjy akmak bolsa, diňleýji dana gerek. Türkmen nakyly

Gerek bolsa, uzak gije,
uzakly gün zorla iki gulagyň,
gözleriňi zorla, kelläňi zorla,
diňle, eşit eşitmeli sözleri,
oka, synla, görmelini görjek bol,
düşünjek bol düşünmelä öňünden,
aýaklaryň zorla, elleriň zorla,
ýöre, ylga, çek özüňi, galdyr kän,
uzyn diliň zorlamankaň,
zorlamankaň agzyňy sen,
hemme sözüň ýa goşulmaň
deň bolmaýar agramy, bil,
ýa agramy deň bolmaýar adamyň,
ol agzyn açanda, tanadýar özün,
sen özüňden başla, gygyrman ilki,
soňra ýalňyşyňy düzetjek bolman,
öte geçip, düzetmersiň ýurduňy,
bozulan dünýäniň obasyn diňe,
bir çetini görüp uly suratyň,
arlama öz sesiň eşitmän, ýadap,
azajyk, azajyk boljak bol adam!

Bölüme soňky goşulanlar


Sahypadan alnan eserler ýa-da pikirler haýsydyr bir görnüşde metbugatda ulanylanda "annagurban.coma" salgylanmak hökmanydyr.

Any views or opinions expressed on this site belong to an individual and do not necessarily coincide with those of the organization he works for.


annagurban.com copyright © 2006-2020