Aýatda bolmak şerti

Sen bilýärsiň, arkaňda däl ol adam,
hak iş üçin öňe çyksaň, ýykylsaň;
sagyňda däl, soluňda däl, görmersiň,
öňüňde däl, düşjek bolsaň yzyna,
ýöne bir gün deň bolmadyk söweşde,
ýaralansaň, çökerilseň dyzyňa,
tapylar ol, dili uzyn, duzlajak,
eli uzyn, urjak bolar başarsa,
gara guma garjak bolar başarsa,
arkaňda-da durandyr ol seretseň,
sagda, solda, öňde hatda,
goý, her neneň geň görünsün, göreşseň,
diňe şeýle galyp bolar aýatda.

Bölüme soňky goşulanlar


Sahypadan alnan eserler ýa-da pikirler haýsydyr bir görnüşde metbugatda ulanylanda "annagurban.coma" salgylanmak hökmanydyr.

Any views or opinions expressed on this site belong to an individual and do not necessarily coincide with those of the organization he works for.


annagurban.com copyright © 2006-2020