Surat

Hakykatyň derdi

Her kim biraz goşar, aýrar,
her kim biraz owadanlar,
hatda guşlar başga saýrar,
bir-birine gezek bermän,
gurulan duzagy görmän,
kime artyk gulak gerseň,
özün öwýän ýaly görseň,
ertekisin gowy etjek,
hakykaty yza itjek,
özi üçin, ýüzi üçin,
gyzarmaz ýa solmaz ýaly,
aýagasty bolmaz ýaly,
bilmesinler bilmesizler,
gülmesinler gülmesizler,
nämä gerek artyk gürrüň,
adam diňe başgany däl,
ilki özün bürüp aly,
aldar mydam çala-çula,
abat diýip çüýrük sala,
görüp durkaň münseň, batsaň,
günäleme ili, nalap...

Bölüme soňky goşulanlar


Sahypadan alnan eserler ýa-da pikirler haýsydyr bir görnüşde metbugatda ulanylanda "annagurban.coma" salgylanmak hökmanydyr.

Any views or opinions expressed on this site belong to an individual and do not necessarily coincide with those of the organization he works for.


annagurban.com copyright © 2006-2024