Surat

Säher dogasy

Sen özüňi ýaraglandyr her günde,
bilgi bilen, salgy bilen her dürli,
oka, diňle diňläniňe degjegi,
daşda saklap bolsa başyň egjegi,
goran hergiz ýaragsyzdan görmäge,
hakykatda içi otdan püre-pür,
ýakmasyn ol ganatyňy, goluňy,
ýa durmuşyň awy-zäher etmesin
bary-ýogy ýeke gezek ýaşaýan,
a soň 'Nätdim?' diýip, gülüp gitmesin.

Sen özüňi ýaraglandyr her günde,
garşysyna ýaragsyzyň görmäge,
aglan bolup, gülen bolup gelende,
içiň, daşyň soran bolup ýalandan,
galar ýaly etmek üçin sürgünde,
özüňe ýat, ýat ýakyna, kesekä,
ýykylmajak bolsaň, ölmejek bolsaň,
sen özüňi ýaraglandyr her agşam,
her gün säher turup, özüňe seret,
ýüzüňe däl diňe, gözüňe seret,
tana özüň duşmanyňdan öňürti,
eger ony etjek bolsaň janserek.

Bölüme soňky goşulanlar


Sahypadan alnan eserler ýa-da pikirler haýsydyr bir görnüşde metbugatda ulanylanda "annagurban.coma" salgylanmak hökmanydyr.

Any views or opinions expressed on this site belong to an individual and do not necessarily coincide with those of the organization he works for.


annagurban.com copyright © 2006-2024