Mätäçligiň sebäbi
Show me a hero and I will write you a tragedy. F. Scott Fitzgerald
Gahrymana mätäç bolsa ulus, il,
ili üçin urjak oda hem suwa,
gerek wagty başyn goýjak ýaýdanman,
il garaşsa çydap yssa, sowuga,
garaşylýan gerçek gelmese uzak,
sebäbi nirede, nämede, oýlan,
ile, gelmedige etme-de gazap.
Gahrymana mätäç bolsa ulus il,
hem elinden pili, kätmeni düşmän,
çukur gazsa özi özüne durman,
doganyna çukur gazsa adamlar,
dolanana çukur gazsa adamlar,
ýa başga birine, sebäbi erbet,
ýa gowy däl diýip çaklasa, bilse,
durup bilmez ili gyrylsa, ölse.
Pil tapmasa, tapyp täze buldozer,
gazar olar uly çukur düşmäge,
odun daşap, düýeli däl, kamazly,
ullakan ot ýakar ýanyp-bişmäg
Gahrymana mätäç bolsa adamlar,
kitap baryn okan, diplomlary bar,
gürleseler, dymar Eflatun aga,
sebäbi ýa ýürek, ýa-da beýni dar,
öňki gazan, düşen, goý, bolsun ýetik,
halasgäre mätäç bolsa adamlar,
biri-birin ýykar çukura itip.