Il we onuň lideri

Oňa iň esasy uly dabara,
gullaryň şowhuny, şagalaň gerek,
sebäp gulçulygy ulalan, ösen
sowetistan goýbermeýär ýakasyn,
üstesine ogurlyga çümüpdir,
bolşewigiň çümüşi dek,
boýlaýşy dek gan deňzini,
açgözlügi heläk edýär, kommunist,
türme saklan kakasynyň mirasy,
ogluna, gyzyna, agtyga geçjek,
taslamasy başa barsa, elbetde;
aldaýar özüni, aldajak bolýar,
aýdymy hem sazy bilen
bagşylaryň arzan, satlyk,
il islese, begendirsin,
bar mesele päl-niýetde.

Bölüme soňky goşulanlar


Sahypadan alnan eserler ýa-da pikirler haýsydyr bir görnüşde metbugatda ulanylanda "annagurban.coma" salgylanmak hökmanydyr.

Any views or opinions expressed on this site belong to an individual and do not necessarily coincide with those of the organization he works for.


annagurban.com copyright © 2006-2024