Surat

Durmuş köprüsi

No one can build you the bridge on which you, and only you, must cross the river of life. F.Nietzsche

Özge gurar öz köprüsin durmuşda,
sen garaşma özge gelip, ýylgyryp,
seniň üçin köpri gurar ýörite,
geçmese-de özi ýa-da çagasy,
pikir etme, gowy bolsun ýa erbet,
özge gurar öz köprüsin hemişe,
öz gaçysyn kenarynda derýanyň,
sebäbi durmuşyň derýasy däli,
gazaply ol, joşar käte kenardan,
ýykyp-ýumrup gider guran jaýyňy,
ýa-da ýuwar ekiniňi, aç goýup,
sen köpriňi özüň gurmaly, gardaş,
ýa özüň gurmaly bendiň, böwediň,
ýatjak bolsaň süýji, palawdan doýup,
eger goýan bolsaň işiňi ertä,
öý işiňi etmän, oýnan bolsaň kän,
özgeden, kim bolsun, hiç kine etme,
hem boýun al, öz köpriňi hemişe
ýa gurarsyň, ýa puluny tölärsiň,
öz hasabyň ýöredersiň ýalňyşsyz,
öz aýagyň bilen gidersiň öňe,
ýa ýadasaň, ýorulsaň-da ýollarda,
durmalysyň öz aýagyň üstünde,
bolmalysyň durar ýaly,
biri gelip ursa öňden, arkaňdan,
ýykylmagyň, ýalbarmagyň ýerine,
öz ýumrugyň urar ýaly...

Bir adam bol, bir maşgala ýa tire,
ýa-da millet zoraýakdan, başgany,
iň esasy – ildeşlerin ýazgarýan,
öz-özüňi aldap bilersiň uzak,
näçe ýyl isleseň, tozýançaň doly,
gurmadyk köpriňi apalap, öwüp,
gurdum diýip, walla, ýykylmaz ýaly,
ýa diýdirip satyn alnan mähellä,
bedew at dek eýerleme, düňderjek,
ardy açyk hile-aly!

Bölüme soňky goşulanlar


Sahypadan alnan eserler ýa-da pikirler haýsydyr bir görnüşde metbugatda ulanylanda "annagurban.coma" salgylanmak hökmanydyr.

Any views or opinions expressed on this site belong to an individual and do not necessarily coincide with those of the organization he works for.


annagurban.com copyright © 2006-2024