Surat

Agyr ýoluň tejribesi

We can count on so few people to go that hard way with us. Adrienne Rich

Kötel ýolda, uzak ilde, näbelli,
gepi-sözi düzüw ýaly-la diýip,
kim-kimlere ynanýarsyň, gelýärsiň,
pylankes, bolupdyr DIM-iň başlygy,
pylança dil bilýär, öňki diplomat,
emma ýanda bir adam ýok seretseň,
iş etmeli bolsa, gitmeli bolsa,
aýdaly, dil getirmäge ýurt aşyp,
emma il-gün diýýär diňleseň gepin,
ynanasyň gelýär, umyt edýärsiň,
ýapjak bolýaň bolsa açylan sepin,
emma ol, iş etseň, dyzaýar beter,
ahyrynda açyk görýärsiň çepin:
oňa dollar gerek, a saňa heder,
hatar bar, yzyňa gidip-gelmeli,
soň ýazmaly, paş etmeli o birin,
bu biri gaharly ýa-da hemleli,
taýýarlan žurnalyň äkit, sat diýýär,
süýde siňe bakyp, görýärsiň haýýar,
stalinçi, ýanyp duran kommunist,
üstesine gowy görýär pul-maly,
bir senden däl, dogan-gardaş, ilinden,
hem geň ýeri - iň gorkýany aýaly,
kötel ýolda, uzak ilde, näbelli,
akyl gelýär, ursa tekäň biliňden...

Bölüme soňky goşulanlar


Sahypadan alnan eserler ýa-da pikirler haýsydyr bir görnüşde metbugatda ulanylanda "annagurban.coma" salgylanmak hökmanydyr.

Any views or opinions expressed on this site belong to an individual and do not necessarily coincide with those of the organization he works for.


annagurban.com copyright © 2006-2024