Milli dil we ýeme
Biri diýdi gahar bilen baş ýaýkap:
Türkmen dili haram ölýär;
otuz ýyldyr, ne gazet bar, ne kitap,
millet eden sütünimiz döwülýär!
Beýlekisi diýdi: ýok, beýle bolmaz,
ýöne, dogry, ýeme bolýar...
Ýok, ýok, ony ýok edýärler şu gezek,
ilki başlan çekilmedi yzyna,
sebäbi hökümet kast edýär dile,
günde iş edinip, ýalan söz toplap,
tonna-tonna edip sowuryp ýele,
görüň, türkmen dili çynyň dili däl,
ol ýalanyň dili diýip gygyrýar,
a çyn sözler senzurada, gadagan,
gorkusyna diňe sessiz bagyrýar.
Ýok, dilimiz ölmez, galar,
ýeň bermedi ikinjisi,
ýöne, dogry, ýeme bolar...
O nämäň ýemesi, neme,
aldyň, walla, küme-süme,
ýa-da ýokmy ady onuň,
näme bilen iýmeli-how,
sürmekimi ýa-da düme?
Men diýýärin: haram ölýär dilimiz,
has dogrusy, öldürýärler suw bermän,
hökümeti basyp alan gendeler,
men aglasam, aglaýarsyň diýýärsiň,
gülsem özüm öz sesimi ýigrenýän,
ýa bu dile düşmeýärmiň, bitdiňmi,
öz ýalanyň arasynda ýitdiňmi?
Ýok, ikinji gahar etdi azajyk,
hem ellerin silkip-silkip sözledi:
Olar ýene ýeme edip ýemäni,
ýeme hakda hiç maglumat bermedi,
ýöne ýeme neme bolan kän diýdi,
nemeden ýemedip, ölenem barmyş,
ýeme ýokaşanlar hatar-hatarmyş,
ýemede saklanan ýemesin berse,
ýeme saklaýanlar gaçyrýarmyşyn,
öýdäkiler ýeme bolar ýa neme
diýmän gaçan barýarmyşyn öýüne,
sebäbi ýemede ne suw barmyşyn,
ne-de sabyn berýärmişler,
ýeme edip geleňsoň,
ýeme etmän ýatmalymyş,
eger biri gapdalyňda
ýeme gürrüň etse hökman
ýemelere satmalymyş...
Birinji saçlaryn penjeläp birden,
bagyrdy ses edip, ölen dek biri:
Eh-eý, millet, barmy içiňde diri?
Men diýýärin, türkmen, dilimiz ölýär,
birligimiz, sütünimiz ýogalýar!
Beýlekisi diýdi: ýok, ýok, bu ýalan,
dil ölmeýär, ýeme bolýar...