Ynanmaly ekenim
Seniň dogry sözüň üçin
gül ýüzüňe depen döwlet,
MHM-si bilen, media bilen,
ikiýüzli satlyklardan düzülen,
seniň çagalaryň agladyp öýde,
türmede tüýkürip ýüregňe her gün,
gaçar ýaly etse ýurduňdan bir gün,
bu oýuna gatnaşanlar çekerler
edenlerin diýseler,
gazan düşer hökman diýseler saňa,
ýakan bişer hökman diýseler saňa,
tomaşaçy bolup oturan daşdan,
içi gülen aglar diýseler ajy,
görer hökmän näme ýüze depilmek,
kemsidilmek, depelenmek keýpine,
çagalaryň bilen sergerdan bolmak,
ene-ata, dosty-ýardan aýrylmak...
diýseler hiç ynanmazdym,
belki, dymyp, söz diýmäge çekinip,
emma muňa ynanmaly ekenim.