Ýadyma düşen wagty
Kanunyň k-sy hem galmadyk ýerde,
kanuny iş edýän diýip öwünme,
diýme gorkup ýaşamadym, ýaşaman,
ýa-da gorkup iş etmedim dünýede,
sagy gorky, soly gorky, eý, alla,
poly, potology gorky, ýa walla,
gorky ýerzemini, üçekleri-de,
gorkansoň oturýar adamlar dymyp,
susýar agzyndaky nanyn alsalar,
çagasyny dogry, düzüw ýola däl,
bozuklygyň ýodasyna salsalar,
çünki kanun işlemeýär, baý bolan,
beg bolan süpürdýär köwşüni oňa,
gürleme agzyňdan çykýany bilmän,
sebäbi söz seni açýar, paş edýär,
eger diýseň gorkmaýaryn gomalyp,
bu gorkýanyň, üýşenýäniň aňladýar,
hemem utanýanyň gorkanyň üçin,
emma bu oglanlyk, çagalyk, belki,
eger-de sen çekinmeseň pylanyň
ejesine sög-dä diýip oýnalan,
ekabyrrak oglanlaryň oýnunda,
hudaý kessin, alla kessin, ant içip,
erkek bolan ýyllaryňdan çyk biraz,
kanunyň k-sy hem galmadyk ýerde,
kanun hakda gürläp, işletme haraz,
arpa-bugdaý üwemez ol barybir,
hemem ýalan umyt berme adama,
özi öz-özüni sylamaz, söýmez,
aýdyp goýýan düşen wagty ýadyma.