Surat

I.Brodskiden erkin terjime

Ilkibaşda oturgyç,
soň krowat gaçdy düýpsüz çukura,
a soňundan meniň stolum gaçdy,
ýaşyrjak däl, özüm iterdim ony.
A soň "Ene dili" okuw kitaby,
surat, maşgalamy bir ýere jemlän.
Soňundan dört diwar peç bilen bile,
gitdi aşak ýok bolup.
Galdym paltom bilen diňe,
hoş gal, eziz, mähribanym,
aýyr barmagyňdan nika ýüzügiň,
ýazyl moda žurnalyna üznüksiz,
bar mydary seniň ýaly geliniň,
hem tüýkür ýüzüne näçe isleseň,
meň ornuma ýa ýerime geleniň.

Bölüme soňky goşulanlar


Sahypadan alnan eserler ýa-da pikirler haýsydyr bir görnüşde metbugatda ulanylanda "annagurban.coma" salgylanmak hökmanydyr.

Any views or opinions expressed on this site belong to an individual and do not necessarily coincide with those of the organization he works for.


annagurban.com copyright © 2006-2024