Men beýik namalar ýazjakdym munda

Men beýik namalar ýazjakdym munda,
sary pesliklere per bermejekdim...
Dostlarym gidende zary-girýanda,
duşmanym gidende ýer sermejekdim...

Bilmen, menden munda näme galypdyr,
bahyllykmy, bahyllardan ýokuşan?
Ýagşylygym biljek ýalňyz halykmy,
derýa içre derdim bile okuşan?!

Mahmal belentlikler, kämil ýaýlalar,
ýoluma bakan deý ylgap gelipdim;
men haçan özüme gelem, aýňalam,
haçan meň agramym artar ýelekden?!

Haçan ganatlarym berkär, äkider,
ak göwnümiň alyslygna, asmana;
aýlar meni aýlar, öwrer, hek eder,
ýyllar geler gasyn-gasyn gasmana...

Beýik namalardan hyýal galypdyr,
peslik depe bolup alypdyr öňüm;
dostlarym gidipdir, bir tap-halymdyr,
duşmanym gidende hoş ýaly günüm...

Bölüme soňky goşulanlar


Sahypadan alnan eserler ýa-da pikirler haýsydyr bir görnüşde metbugatda ulanylanda "annagurban.coma" salgylanmak hökmanydyr.

Any views or opinions expressed on this site belong to an individual and do not necessarily coincide with those of the organization he works for.


annagurban.com copyright © 2006-2019