Maňa berlen ömür kagyz

Maňa berlen ömür kagyz,
ak kagyz,
öz-özüm garalar öter giderin.
Maňa berlen ýürek maňyz,
dok maňyz,
öz-özüm ýaralar öter giderin!

Maňa berlen göwün aýna deý tämiz,
öz-özüm döwerin ile ýetirmän.
Maňa berlen gözler gyrmalar jamyn,
eňtärin ýaňakdan ýaşy setirläp..

Maňa berlen diller pähim seçerler,
gaýtmyşy ýok aýtdygyndan, aýdymdan.
Ertir mazaryma sowlup geçerler,
nura dolup dolan Aýdan,
aýdyňdan!

Maňa berlen eller uzar haýyr diýp,
meger, haýyr diýip çapylar bir gün...
Maňa berlen barmak bir saz gaýyr diýp,
owaz aýlagynda tapylar her gün!

Maňa berlen aýak ýollara gurban,
ýörärin, giderin, il diýip, gözläp.
Maňa ertir hökman gelerler “arma”,
çyndan oýup gerler, gelmezler dözmän...

Garaňky gijeler saýgaryp agyn,
geler ilim, köňle tagt olar ertir.
Maňa berlen ömür kagyz,
ak kagyz,
garalaryn,
nurdan ýagtylar ertir!

Bölüme soňky goşulanlar


Sahypadan alnan eserler ýa-da pikirler haýsydyr bir görnüşde metbugatda ulanylanda "annagurban.coma" salgylanmak hökmanydyr.

Any views or opinions expressed on this site belong to an individual and do not necessarily coincide with those of the organization he works for.


annagurban.com copyright © 2006-2019